Türkmenistanyň Prezidenti “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi. 

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly kuwwatynyň ýurdumyza belent halkara abraýyny, ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ynamy berkidendigini belledi. Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky Siziň parasatly baştutanlygyňyzda asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, oňyn ösüş ýoly bilen okgunly öňe barýar, bu bolsa buýsanç we şatlyk duýgusyny döredýär diýip, işewür aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen, dünýäniň işewür toparlary, şol sanda dürli ulgamlarda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda uly tejribä eýe bolan koreý kompaniýalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan dünýä belli “Hyundai Engineering” kompaniýasy bilen köpugurly netijeli gatnaşyklara hem-de hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini hem-de anyk netijelere gönükdirilendigini kanagatlanma bilen aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, biziň döwletimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletleriň biri bolmak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlary diňe bir energetika pudagyndaky kuwwatlyklary bilen däl-de, milli ykdysadyýetimiziň täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegini ugur edinýändigi bilen hem özüne çekýär, munuň özi bolsa daşary ýurt işewürler toparlary bilen tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz “Hyundai Engineering” koreý kompaniýasynyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini hem-de bu kompaniýa bilen soňky ýyllarda iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny, bu ugurda özara bähbitli we netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Duşuşygyň çäklerinde köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegiň barşy barada pikir alşyldy. Hususan-da, Sung Sang-Rok döwlet Baştutanymyza Balkan welaýatynda polimer zawodynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Bu desga kompaniýalaryň konsorsiumy, şol sanda “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasy tarapyndan ýokary hil derejesinde guruldy hem-de öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda ýylda 386 müň tonna ýokary hilli polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir. Biz kompaniýamyzyň gatnaşmagynda amala aşyrylan taslamanyň Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň dünýä bazarynda abraýyny has-da artdyrjakdygyna buýsanýarys diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýtdy. 

Söhbetdeşligiň barşynda işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, tebigy serişdeleri senagat esasynda gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Şunuň bilen baglylykda, “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen türkmen tarapyna täze özara bähbitli teklipleri, şol sanda Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda maýa goýum taslamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň bellenilen meýilnamalarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.