IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-iordan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek işinde üstünlikler arzuw etdiler.

Hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady bölegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler we iki döwletiň arasyndaky söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek meselesine seretmegi ylalaşdylar.

Bu başlangyçda taraplar iki döwletiň bazarlaryny geljekde içgin öwrenmek, söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň bilelikdäki toparyny döretmeklige iki taraplaýyn gyzyklanmany bellediler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, Iordaniýanyň Ilçisi ylym, bilim, syýahat we derman senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmekde öz tekliplerini aýtdy.