Täze senagat toplumlary ygtybarly elektrik üpjünçiligi ulgamy bilen üpjün edildi

photo

Türkmen energetikleri Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda uzynlygy 16 kilometr bolan WL-220 кW kuwwatlykly elektrik geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ulanylmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýasy toplumy-da ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün edilen. Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň bölümleri “Türkmengaz” DK-nyň tabşyrygy boýunça gysga wagtda kärhananyň golaýynda kuwwatlylygy 220/35 kilowolt bolan”Polietilen” kiçi bekedini gurdylar we hereket edýän “Awaza DES” kiçi bekedine çenli ýokary woltly WL-220kW tok geçirijileriň ikisini çekdiler.