Daşoguzyň pagta egriji fabrikleri önümiň eksportyny artdyrýarlar

photo

Daşoguzyň Italiýanyň «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyrylan pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 35,7 million manatlyk önüm öndürildi. Ýokary hilli Ring ýüplüginiň aglaba bölegi Beýik Britaniýa, Türkiýä, Russiýa, Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine ugradylýar.

Daşoguzyň pagta egriji fabrigi ýylda 16,6 müň tonna pagta ýüplügini gaýtadan işläp, 14,5 müň tonna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Has takyk ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen laboratoriýanyň hünärmenleri onuň hiline berk gözegçilik edýärler. Kärhananyň marketing gullugy önümi daşary bazarlarda ýerleşdirmek bilen meşgullanýar.

6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan 6 müň tonna ýokary hilli Open End ýüplügini öndürmäge niýetlenen ýene bir döwrebap fabrik Könürgenç etrabynda guruldy. Kärhananyň önümleriniň segsen göterime golaýy daşary ýurtlara iberilýär. Daşoguzda pnewmomehaniki usulda ýüplük öndürmäge ýörüteleşdirilen “Serdar” fabrigi hem hereket edýär. Geljekde pudagyň düzümleri ýokary tehnologiýaly täze kärhanalaryň gurluşygynyň hasabyna artdyrylar.