TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝÄ MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar.

Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar.

“Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gününde, Türkmenistan “Bütindünýä maýa goýum forumynyň maýa goýum obasy” atly serginiň barşynda özüniň ykdysady mümkinçiliklerini we maýa goýum işi bilen tanyşdyrdy.

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti “Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada telekeçiligiň ösüşi” atly mowzugyň çäklerinde forumda çykyş edip, ýurtda durmuşa geçirilýän energetika, ulag we senagat pudaklaryndaky halkara taslamalary bilen tanyş etdiler.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen “Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy.

Bütindünýä maýa goýum forumynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasy BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.