Türkmen wekilýeti GDA ýurtlarynyň bilim işgärleriniň forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sini tassyklady we milli derejä uýgunlaşdyrdy, ýurdumyz 2030-njy ýylyň Gün tertibine ýetmek üçin olary yzygiderli durmuşa geçirýär. 

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hemmeler üçin giň gerimli we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek jähtinden halkara derejesindäki çärelere gatnaşmagy DÖM-i milli derejä uýgunlaşdyrmak işinde nobatdaky ädim boldy. 

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň wekilýetiniň oktýabr aýynyň başynda Bişkekde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň V gurultaýyna gatnaşandygyny-da bellemek gerek. 

Mejlisde umumy strategiýany işläp taýýarlamak we bilimi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen GDA ýurtlarynyň milli bilim ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Arkalaşygyň giňişliginde bu ulgamyň ösüşiniň esasy ugurlary seljerildi. 

Mugallymlary taýýarlamaga we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga, şeýle hem howpsuz bilim gurşawyny kemala getirmäge hem-de okuw-terbiýeçilik işini gurnamakda döwrebap çemeleşmeleri ulanmaklyga aýratyn üns berildi. 

GDA gatnaşyjy döwletleriň Mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň V gurultaýynyň jemi boýunça Kararnama kabul edildi, onda işiň ýakyn iki ýyla niýetlenen esasy ugurlary kesgitlenildi. 

Forumyň çäklerinde türkmen wekilýeti kärdeşlerini ýurduň innowasion ösüşiniň ugurlary we ylym-bilim ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyrdy.