Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň Kongresi geçirildi

2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew ýüzlendiler we 2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionaty barada doly maglumatlary ýetirdiler.

Öz çykyşlarynda kongrese gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek bäsleşikleriň guramaçylyk we taýýarlyk işlerine ýokary baha berdiler.  

Soňra Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) dürli komitetleriniň wekilleri, sportyň bu görnüşini ösdürmek meselelerini we IWF-nyň ýolbaşçylygynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ýaryşlary ara alyp maslahatlaşdylar.