Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy

photo

Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Ol günbatar sebitiň merkezindäki täze etrapçalaryň birinde peýda boldy. Binany “Balkannebitgazgurluşyk” müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Dört gatly jaýda ýagty hem-de giň otaglary, amatly aşhanasy bolan 24 öý ýerleşdirildi. Onuň gurluşygynda we bezeg işlerinde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy. 

Häzirki döwürde Balkanabat özüniň binagärlik keşbini özgerdýär, ösýär we giň köçeleri, seýilgähleri we gök zolaklary bilen owadan, amatly şäherleriň birine öwrülýär. 

Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkez, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek”, anyklaýyş merkezi, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, drama teatry, kitaphana, “Bagt köşgi”, şeýle hem multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy, aýlawly atçylyk sport toplumy we beýlekiler guruldy. 

Baýramçylyk mynasybetli Balkan welaýatynyň çäginde gurlan täze binalaryň hatarynda Serdar etrabynda ulanmaga berlen häzirki zaman maldarçylyk toplumy bar. 

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen anyk işleriň netijesinde maldarçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gara mallaryň we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, dürli görnüşli et we süýt önümleriniň önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak meselelerini pudagyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi. 

Balkan welaýatynyň çäginde “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň bina eden häzirki zaman maldarçylyk toplumynyň taslama kuwwaty ýylda 500 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Bu desganyň gurluşygy üçin Serdar etrabynyň çäginde 500 gektar ýer bölünip berildi. Onuň esasy böleginde arpa, mekgejöwen, şugundyr we beýleki ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdiriler. 

Häzirki döwürde fermada gara mallaryň 440 başy saklanýar. Bu ýerde mallary degişli derejede saklamak, göleleri ösdürmek üçin ýokary öndürijilikli enjamlar oturdyldy. Ýataklar awtomatik usulda arassalanylýar, ýörite suwa ýakýan enjamlar mallary arassa suw bilen üpjün edýärler. 

Täze oba hojalyk kärhanasynyň açylmagy bilen onlarça iş orunlarynyň dörändigini bellemeli. Geljekde telekeçiler süýt berýän we et üçin niýetlenen sygyrlaryň baş sanyny 3 müňe ýetirmegi, şeýle hem önümi gaýtadan işleýän bölümi açmagy meýilleşdirýärler. 

Ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we olaryň zerurlaryny satyn almakdan başlap, eti, süýdi gaýtadan işlemäge çenli önümçilik ulgamynyň doly netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan hususy kompaniýalar seçilip alyndy. Munuň özi bir tarapdan, öndürilýän önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmaga we beýleki bir tarapdan, girdejini artdyrmaga mümkinçilik berer.