Lebap welaýatynda döwrebap ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “BEK” HK-a degişli täze ýyladyşhana toplumy Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümlerini öndürýän önümçilikleriniň hataryna goşuldy. Ony Çärjew etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginde telekeçi M. Jumagulyýew gurdy.

2 gektar meýdanda zerur enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhana toplumy guruldy. Onuň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Şu günler bu ýerde hyýar we pomidor ýetişdirmäge girişildi.

Indi Lebap welaýatynda döwrebap iri ýyladyşhana toplumlarynyň 10-sy hereket edip, olarda miwe-gök ekinleriniň we gülleriň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Welaýatyň azyk bazaryny ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmekde we olary ýurdumyzyň beýleki sebitlerine ibermekde bu toplumlaryň bitirýän işi uludyr.

Lebaply telekeçiler öz önümlerini daşary ýurtlara-da ugradyp başladylar. Mysal üçin, Çärjew etrabyndan R. Abdullaýewiň ýolbaşçylk edýän ýörüteleşdirilen hojalygy Russiýa we Gazagystana gök önümleriň hem-de ýertudanasynyň ilkinji tapgyryny ugratdy.

Toplumlaýyn döwlet goldawy netijesinde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Amyderýa jülgesinde hem innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilýär. Häzirki wagtda Lebap welaýatynda telekeçilik düzümleriniň güýji bilen şeýle hojalyklaryň ýene 19-sy gurulýar. Olary şu ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar.