Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy

Şu gün Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de etrabyň köp sanly ilaty gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň iň gowy görkezijilere eýe bolan etraby yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Esenguly etrabynyň häkimligine Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden ABŞ-nyň 1 million dollary möçberdäki pul baýragy bölünip berildi.

Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bugdaýy, pagtany hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiligi, medeni dynç alşy, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi ýaly görkezijiler esas edilip alynýar.

Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, sebitlerde türkmenistanlylaryň durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin has oňaýly şertleri esasy ugur edinýän häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde Watanymyzyň iň çetdäki künjeklerine hem täze durmuş ornaşdyrylýar. Şol ýerler döwrebap derejede özgerdilýär. Hazaryň kenarynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň ilkinji ýyllarynda döwrebap derejede abadanlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde, häkimligiň täze döwrebap binasy, haly fabrigi, Medeniýet köşgi, sanly telefon ulgamynyň binasy, deňiz suwuny süýjediji desga, söwda merkezi, kottej görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi, köpugurly hassahana, multimediýa enjamlary bilen ornaşdyrylan mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy açyldy. 2016-njy ýylda Esenguly şäherçesi şäher derejesine eýe boldy.

Orta mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, lukmançylyk edaralary, sport desgalary ýaly häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän durmuş maksatly binalaryň bu oba hojalyk we senagat ähmiýetli etrabyň beýleki ýerlerinde hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini bellemeli.

Etrabyň çäklerinde Keýmir, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Ekerem, Şatut, Nebitlije ýaly iri nebitgaz känleri işlenip taýýarlanylýar we täze geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda alynýan «gara altyn» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Körpeje — Balkanabat ulgamlaýyn nebit geçiriji hem-de Ekeremden deňiz tankerleri arkaly ugradylýar.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ilatyny bäsleşikde gazanylan ýeňiş bilen gutlap, olaryň zähmet görkezijileriniň tutuş türkmen halky üçin nusgalyk derejä eýe bolandygyny, işgärleriň öz zähmetleri bilen mähriban Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme iberdiler. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň sazlaşykly durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşýan goşantlaryna mynasyp baha berendigi üçin milli Liderimize alkyş aýdylýar. Şeýle hem olar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we kuwwatynyň hem-de şöhratynyň artmagynyň bähbidine jan aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary ýerine ýetirildi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni we «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlarynyň owazy belentden ýaňlandy.