Bakuda türkmen halylarynyň we dokma önümleriniň sergisi açylýar

Şu ýylyň 15-18-nji fewralynda Azerbaýjanyň paýtagtynda türkmen el halylarynyň, milli şaý-sepleriň we dokma önümleriniň sergisi gurnalar. Türkmenistanyň Bakudaky diplomatik wekilhanasynyň we dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gurnaýan segisi Azerbaýjanyň haly muzeýinde bolar.
Sergä gelýänler çeper elli türkmen zenanlarynyň dokan bezegleredir reňklere baý, owadanlygy hem hili babatda özboluşly, ýüň we ýüpek halylar, haly önümleri bilen tanşarlar. Muzeý gaznalaryndaky nepis şaý-sepler halkymyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň ýygyndysynyň üçtüni ýetirer.
Bakuda Türkmenistanda öndürilen arassa pagtadan we ýüpekden tikilen ýorgan-düşeklikler, hammamda ulanylýan dokma önümleri, trikotaž we jinsi önümleriniň özboluşly nusgalary, şeýle hem keteni, panbarhat we ştapel matalar görkeziler. Ak öý serginiň milliligini nygtar, onuň içinde hem eksponatlar goýlar.
Medeni çäräniň çäklerinde türkmen wekilýetiniň wekilleri milli halyçylyk sungatynyň taryhy we ýörelgeleri barada çykyş ederler.