Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär.

Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi barada pikir alyşarlar. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.