Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar

Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde guruldy.

Dabara Mejlisiň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýerli dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, gurluşykçylar, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Şanly waka mynasybetli desganyň çägi baýramçylyk lybasyna beslendi, bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Sungat ussatlary öz döredijiligini görkezýärler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän döwrebap senagat toplumy hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde möhüm taslamalary amala aşyrýan kiçi we orta işewürligiň wekilleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkyň bähbidi hem-de abadançylygy şu syýasatyň esasy maksadydyr.

Täze desga Germaniýanyň şu ugurda ýöriteleşdirilen «Wehrhahn GmbH» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi. Firmanyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary Türkmenistan üçin ýörite buýurma esasynda taýýarlanyldy hem-de hil babatda ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz parasatly ýolbaşçylygynda häzir hereket edýän önümçilikleri giňeltmek hem-de täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça giň möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmagyň, gurluşyk serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalary gurmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak baradaky möhüm wezipäniň üstünlikli çözülmegini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine aýratyn üns berilýär. Şol serişdeler bolsa hil babatda ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelmelidir.

Täze zawodda ýuwlan çägäni, gury gurluşyk galyndylaryny hem-de gazbeton toplumlaryny öndürmek boýunça doly awtomatlaşdyrylan bölümler guruldy. Şol önümleri taýýarlamak üçin ýerli çig mal — sement, kwarsly çägeli, üwelen gips hem-de ýakylmadyk hek ulanylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu, öz nobatynda, pudagyň gurluşyk serişdelerine bolan islegini bökdençsiz üpjün etmegini talap edýär. Munuň özi bolsa täze ýöriteleşdirilen kärhanalaryň hem-de bar bolan önümçilikleriň durkunyň täzelenmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna çözülýär. Taýýarlanylýan ýokary hilli önümler gurluşyk we senagat pudaklarynyň maddy binýadyny has-da berkitmäge ýardam edýär.

Şu gün açylan desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer.

Gazbeton bilen baglanyşykly kärhananyň däp bolan serişdeleri öndürýän önümçiliklerden birnäçe artykmaçlygy bardyr. Mysal üçin, ýylylygy saklaýyş häsiýetleri boýunça gazbetonyň 30 santimetrlik gatlagy keramzit betonynyň 75-90 santimetrine ýa-da kerpijiň bir ýarym metrinden gowragyna barabardyr. Täze serişdäniň şeýle aýratynlygynyň netijesinde, täze gurlan binalarda tomsuna örän salkyn hem-de gyşyna ýyly bolar. Kadaly howa ýagdaýy desganyň ulanylyşynda tygşytlylygy üpjün eder.

Bu önümçiligiň ýene-de bir artykmaçlygy onuň üçin zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly Türkmenistanda bardygydyr. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýeterlik möçberde ýurdumyzyň ýataklaryndan hem-de kärhanalaryndan gelip gowuşýar.

Täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çärä gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.