TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi.

Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.