Sebitlere maýa goýumlary: döwrebap ýol-ulag düzümleri, suwdan rejeli peýdalanmak

photo

Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegi boýunça toplumlaýyn milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde olara saldamly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirlmegi hem özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir.

Maýa goýum goldawy netijesinde Daşoguz welaýat häkimligniň awtoulag ýollaryny ulanyş müdirliginiň hünärmenleri bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we täze ýollary gurmak boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýarlar, bu bolsa oba sebitleriniň netijeli ykdysady goşulyşmasyna ýardam edýär.

Döwrebap kärhanalaryň bolmagy ýol gurluşygy sebit maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Mysal üçin, ýollaryň köpüsiniň gurluşygynda 2007-nji ýylda germaniýaly hyzmatdaşlaryň ýardam bermeginde gurlan zawodda öndürilýän ýokary hilli asfalt ulanylýar.

Şeýle hem döwlet maýa goýumlary netijesinde Daşoguz welaýatynda howdanlary arassalamakda ulanylýan ýörüte tehnikalar täzelenilýär. «Altyn Asyr Türkmen Köli» gurluşyk müdirliginiň bölümleriniň birinde Gollandiýaada öndürilen Beaver kysymly läbik sorujy täze enjamyň ikisi işledilýär. Döwrebap tehnika gurluşyk müdirliginiň işgärlerine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň jählerinden zerur işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.