Türkmen seçgiçileri gallanyň täze görnüşlerini döretdiler

Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde gallanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Dünýä ylmy we iş tejribeleri tohumlaryň diňe ýerli hem-de dikeldilen görnüşleriniň ýokary we durnukly hasyl berýändigine şaýatlyk edýärler. Gallanyň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmak, kesellere, guraklyga, jöwza, gyşda aýazly howa we ýatma durnuklylygyny gazanmak alnyp barylýan işiň esasy ugurlarydyr.
2019-njy ýylda merkeziň seçgiçileri ýurduň sebitleriniň ählisinde ýetişdirmek üçin güýzlük gallanyň «Rowaçlyk» we »Galkynyş» görnüşlerini döretdiler. Olaryň ýetişýän döwri 200-210 güne, düzümindäki beloklar –13-15 göterime, kleýkowinasy – 32-34 % barabardyr. Synaglar gallanyň täze görnüşleriniň käbir kesellere durnuklylygyny görkezdi.
«Rowaçlyk» görnüşi «Kelek bugdaý» we «Batko» görnüşleriniň gaýtadan çaknyşdyrylyp, soňra özbaşdak saýlanylmagyndan alyndy. Onuň baldagynyň boýy 90-95 sm, dänesiniň uzynlygy 11-12 sm, 1000 dänäniň agramy 38-44 grama deň boldy. Geçen üç ýylky synaglarda onuň hasyllylygy her gektardan ortaça 65,7 sentnere barabar bolup, munuň özi «Sähraýy» görnüşiňkiden gektardan 13,2 sentner artykdyr. 2017-nji ýylda has ýokary hasyl – gektardan 69,2 sentner galla alyndy. Munuň özi Türkmenistanyň toprak-howa şertleri üçin ýokary görkezijidir.
«Galkynyş» görnüşi «Bitarap» we «Ýubileýnaýa-100» görnüşleriniň çaknyşdyrylmagyndan alyndy. Onuň baldagynyň boýy 80-85 sm, dänesiniňki -12-14 sm barabardyr. Hasyllylygy birnäçe ýylda gektardan ortaça 60,0 sentner boldy. Şu ýyl ondan iň ýokary hasyl - gektardan 70,1 sentner galla alyndy.
Gallanyň täze görnüşleri döwlet synaglaryndan geçirmek üçin Türkmenistanyň Tohumçylyk we görnüş synaglary Döwlet gullugyna iberildi.