Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy: özarahereketleriň täze mümkinçiliklerine seredildi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän hem-de häzirki döwrüň wehimleriniň çözülmegine, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna oňyn itergi berýän başlangyçlaryň goldanylýandygy üçin birek-birege minnetdarlyk sözleri beýan edildi. 

Bu ugurda ministrler Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Bu görnüşdäki özarahereketleriň syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle-de maliýe-söwda we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ilerledilmegine oňyn itergi berýändigi bellenilip geçildi.        

Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdiler.