Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, täjik tarapyna Täjigistan Respublikasynyň energiýa we suw resurslary ministri U.Usmanzoda ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Toparyň öňki mejlisindäki kararlaryň durmuşa geçirilşine seretdiler we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, şol sanda, bilelikdäki işewürlik taslamalaryň, forumlaryň we sergileriň guralmagy bilen bagly meseleler babatynda aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle-de, iki ýurduň dokma, gurluşyk we gaz-himiýa senagatynyň ähmiýetini nazara almak bilen, mejlise gatnaşyjylar tejribe alyşmak ýoly arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine seretdiler.

Ýurtlaryň arasyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplar demirýol we awtoulag ýollarynyň gurulmagy arkaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda, “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demirýolunyň gurluşygynyň taslamasyna seretdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar oba we suw hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Bu ugurda, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça garaýyşlaryň meňzeşligini we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar mundan başga-da bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Işgärleriň hünär taýýarlygy, tejribe alyşmak hem-de maglumat we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar taryhy we medeni miraslaryny gorap saklamakda iki ýurduň amala aşyrýan işlerini nazarda tutup, medeniýet we sungat ulgamlarynda çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny tassykladylar.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar Toparyň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Şeýle hem, Toparyň 10-njy mejlisiniň 2020-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýändigi aýdyldy.