Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli alaw ýakmak dabarasynyň geçirilmegi

Merkezi Aziýanyň taryhynda geçiriljek iň uly göwrümli sport çäresiniň, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna sanlyja gün galmagy bilen Mary şäherinde geçirilen alaw ýakmak dabarasyna müňlerçe adamlaryň gatnaşmagy örän tolgundyryjy waka boldy.  

Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen oazis şäheri bolan hem-de tebigy gazyň dünýäde iň iri gorlarynyň biri ýerleşýän Mary şäherinden 30 kilometr uzaklykda Garagum çölünde türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny beýan edýän pursatlary bilen utgaşdyrylan alaw ýakmak dabarasy has-da täsirli boldy. Ajaýyp dabara türkmen medeniýetiniň köptaraplylygyny suratlandyrýan mähelleli milli toý görnüşinde geçirildi.

Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň 4000-den gowragy, şol sanda aýdymçylar, tansçylar, türgenler hem-de hormatly ýaşulular baýramçylyga gatnaşdylar. Türkmenistan döwletiniň dünýä ýüzünden geljek myhmanlary Aşgabat 2017 oýunlarynda garşy almaga taýýarlanýan döwründe geçirilen alaw ýakmak dabarasynyň üsti bilen türkmen milletiniň ýaşaýyş durmuşy hem-de baý taryhy aýdyň görkezildi.  

Dabaranyň çäginde ençeme sungat eserleri, el işleri, şaý-sepler hem-de welaýatyň durmuş we däp-dessur aýratynlyklarynyň alamaty bolan egin-eşikleri, şeýle-de Oýunlar üçin saýlanylyp alnan 21 sany sport görnüşiniň sergisi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Gözýetime çenli gara öýler bilen bezelen bu topragyň 17-nji sentýabrda geçiriljek Açylyş dabarasyna sary soňky şowhunly çäresidir.

Dabara türkmen döwletini esaslandyryjy şahsyýetleriň biri bolan Oguz hanyň taryhy keşbinden ylham alnyp geçirildi. Çapyksuwarlaryň hatar bolup gelmegi we bir çapyksuwaryň ýaýdan asmana tarap ok atmagy bilen bolsa bu dabarada ertekilerdäki ýaly täsin galdyryjy pursaty döretdi. Ýokaryk atylan ok gün şöhlesine ýalpyldap düşen ýerini ýandyrdy. Milli egin-eşikli türkmen ýigidi alaw ojagyny  okuň döreden ýalnynyň golaýyna getirdi we Aşgabat 2017-niň alaw oduny ýakdy.  

Şeýle-de dabaranyň dowamynda türkmen türgenlerini Aşgabadyň Olimpiýa toplumyndaky Türgenler şäherçesinde garşy alan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Açylyş dabarasy üçin öz ak patasyny wideoşekili arkaly berdi.

Haçan-da, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan döwletiniň Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň 65 sany wekilýet toparyndan 6000-den gowrak türgenleri hem-de resmi wekilleri öňümizdäki günlerde gyzgyn garşy alyp başlamaga taýýardygyny aýdanyndan bolsa, wideoşekiliň iki tarapyndaky märeke şatlykly el çarpyşmalar bilen goldadylar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew hem bu çäre mynasybetli özüniň gutlaglaryny ýetirdi: “Bu gün ajaýyp bir gün – Oýunlaryň açylyş dabarasyna çenli dogry 10 günüň galandygy mynasybetli baýramçylyk günüdir. Biz bütin dünýäni Ata Watanymyzda garşy almaga taýýardyrys!”

Alawyň ýakylmagy bilen tomaşaçylaryň uly şatlygyna goşulyp, türkmen milli bagt tansy ýerine ýetirilip başlandy. Baýramçylyk beýleki milli tanslary, ak sakally kethudalaryň we ak saçly eneleriň ak pata bermegi bilen, şeýle-de ene-mamalarymyzyň süýjülik patrak seçmegi bilen dowam etdi.

Aşgabat 2017-niň çäreleriniň geçirilmegi Mary welaýatyň ýaşaýjylaryny iýun aýynda “Oýunlara 100 günüň galmagy” myhasybetli geçirilen baýramçylykdan bäri tolgundyryp gelýär.

Oguz hanyň nesilleri bolan türkmen ýigitleriniň biri Allamyrat bu şatlykly dabara barada ýüregi joşup şeýle gürrüň berdi: “Diňe on günjük galdy. Emma biz bu Oýunlar üçin tutuş bir ýyl bäri taýýarlyk görýäris. Meniň üçin bu örän tolgundyryjy pursat. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimize men örän minnetdardyryn”.

Dabaranyň tamamlanmagy bilen çapyksuwarlar ýoluny Garagum çöli boýunça dowam etdirdiler. Olar ýany bilen alawy alyp gitdiler. Çapyksuwarlar alawy 17-nji sentýabr gününde Açylyş dabarasy üçin paýtagtymyza getirerler.