Ýerine ýetiriji komitet “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabat 2017-niň resmi hyzmatdaşy diýip yglan etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde goşulýandygyny buýsanç bilen yglan etdi.

“Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň milli telearagatnaşyk kompaniýasydyr. Bu kärhana maglumat we aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesi, şol sanda öýjükli aragatnaşygy, maglumat bazasy ulgamy we internet bilen üpjün edýär.

“Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara, şäherara we ýerli aragatnaşygy üpjün ediji we operatordyr. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda hereket edýän 40-dan gowrak operatorlar we aragatnaşyk kompaniýalary bilen işleşýär.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şeýle belledi: “Biz “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyny Aşgabat 2017 oýunlarynyň maşgalasynda hoş gördük! Ýerli kompaniýalaryň Oýunlara goşulmagy we gerekli hyzmatlar bilen üpjün etmegi bizi diýseň begendirýär.  Olaryň goldawy bilen sentýabrda geçiriljek bu taryhy wakanyň guramaçylygy has ýokary dejerede bolar”.

Aşgabat 2017-niň resmi hyzmatdaşy hökmünde “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Oýunlary we onuň hyzmatdaş taraplarynyň internet üpjünçiligi, Wi-Fi, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary we ykjam telefonlar üçin sim-kartlary bilen üpjün edýär.

“Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öňden bäri hemaýatkärlik bilen meşgullanyp, sportuň ösmegine öz goşandyny goşýar. Bu kärhana “Altyn asyr” futbol toparynyň hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär.

“Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Baş direktory Hajymyrat Hudaýgulyýew: “Telearagatnaşykda toplan baý tejribämizi ulanyp, Aşgabat 2017-niň resmi hemaýatkäri bolmak biz üçin uly hormatdyr. Islendik Oýunlaryň üstünlikli geçmegi üçin ygtybarly aragatnaşyk hyzmatlary oýunlaryň wajyp bölegi bolup durýar. Halkara derejede geçiriljek bu ajaýyp sport baýramçylygy Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä tanadar” diýip belledi.