“Açyk gapylar” güni

photo
Konsulluk tarapyndan 2015-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi hem-de Garaşsyzlygyň şanly 24 ýyllyk baýramy mynasybetli “Açyk gapylar” güni geçirildi.  Bu çärä Frankfurt şäherinde ýerleşýän 60 golaý dürli ýurtlaryň Konsulluk edaralarynyň diplomatlary, GFR-nyň Hessen ýeriniň Hökümetiniň agzalary, kompaniýalarynyň wekilleri, türkmen talyplary hem-de “Türkmen Kultur ojagy” guramasynyň agzalary  gatnaşdylar. Çäräniň barşynda gatnaşyjylaryň öňünde Bitaraplygyň taryhy kökleri we halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgeleri, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara hyzmatdaşlygy Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, ýurdumyz ösen döwletleriň hataryna girmek üçin özüniň geosyýasy, ykdysady we adam kuwwatlaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýändigi barada bellenip geçildi. Mundan başgada Bitaraplygyň ägirt uly ähmiýetini tutuş dünýä bileleşigine we dünýä jemgyýetçiligine doly açyp görkezmäge hyzmat edýändigi, dünýä giňişliginde Watanymyzyň uly abraýa eýedigi, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlary,  barada aýdyldy. Şeýle hem “Açyk gapylar” gününiň dowamynda Döwletimiziň dürli ulgamlarynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän wideo ýazgysy görkezildi hem-de türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny wasp edýän sazlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen halkynyň milli tagamlaryny hödür etmek maksady bilen kabul edişlik hem guraldy.