GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologiki ýagdaýlar bilen baglylykda Arkalaşygyň çäklerindäki özarahereketlerine degişli bolan möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreş alyp barmak, biologiki we ekologiki howpsuzlyk, şeýle-de özara gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň beýleki derwaýys meseleleri bilen bir hatarda sebit we halkara gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirler alyşyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň pandemiýanyň garşysyna göreş alyp barmak boýunça bilelikdäki hereketleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda özarahereketleriň netijeli gurallarynyň ýola goýulmagynyň derwaýyslygy bellenildi. Ministr R.Meredow ylmy diplomatiýa ugry boýunça alym-lukmanlaryň, tejribe geçýän lukmanlaryň arasynda gatnaşyklaryň ýola guýulmagynyň meselesine seredilmeginiň maksadalaýyk bolup durýandygyny nygtady. Ol «ulgamlaýyn işlere ýokary hünär derejesinde bu görnüşdäki çemeleşmäniň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Goşulyşmazlyk Hereketiniň golaýda geçirilen Sammitiniň barşynda öňe sürlendigini» belläp geçdi. 

GDA ýurtlarynyň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň we ŞHG-nyň çäklerindäki çemeleşmeleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň utgaşdyrylmagy bilen birlikde özarahereketleriň şertnama-hukuk binýadyna jikme-jik seredilip geçildi. Bu ugurda döwletara gatnaşyklarynda, aýratyn hem ýüze çykýan dawalaryň we gapma-garşylyklaryň çözülmegi bilen birek-birege ynanyşmagyň hem-de gatnaşyklaryň medeniýetiniň pugtalandyrylmagynyň derwaýyslygy barada gürrüň edildi.

Taraplar şeýle-de ykdysadyýet, energetika, ylym we bilim ulgamlarynda, şeýle-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna innowasiýalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň işlenilip düzülmegi we ornaşdyrylmagy babatynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilşi hem-de 2020-njy ýyl üçin Meýilnamasy hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň 2021-2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasy hakynda», «Arkalaşygyň medeni paýtagty» Döwletara maksatnamasynyň 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda (Karakol ş.) amala aşyryrylmagy hakynda” Çözgütlere gol çekildi.