Türkmenistanyň we Bahreýniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmeleri geçirildi

2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zayani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikirleri alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy hem bellenilip geçildi. Ministrler ýokary derejede öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň depginine aýratyn ünsi çekdiler.   

Diplomatlar Aşgabadyň we Manamanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Sebitleýin gün tertibi hem-de iki dostlukly döwletiň koronawirus pandemiýasyna garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallarynyň utgaşdyrylmagynyň wajyplygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň Geňeşiniň döredilmegi hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de bilelikdäki işewürlik-forumlarynyň guramaçylygynyň, energetika we gazhimiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Häzirki tapgyrda Türkmenistanyň we Bahreýniň dürli döwlet hem-de hususy ulgamlarynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşyklarynyň geçirilmeginiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.