Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlertiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar özara ynanyşmagyň hem-de hormatyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Bularyň hemmesi döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Döwlet baştutanymyz gepleşigiň dowamynda özbek kärdeşini GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de 2020-nji ýylda Özbegistanyň bu düzümde üstünlikli başlyklyk edendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de goňşy döwlet we ygtybarly hyzmatdaşy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi.

Özbegistan Respublikasynyp Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, jemlenip barýan ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçendigini, onuň Garaşsyzlygyň sütünlerini hem-de dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edendigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi türkmen Lideriniň abraýynyň belentdigini ýene bir gezek tassyklady.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler.