Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr. 

“Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň we Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler. 

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi hem-de döwletiň söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn üns bermek bilen, YHG-nyň işiniň ösdürilmegine işjeň goldaw bermäge ygrarlydygyny belläp geçdi.  YHG-nyň ulag-üstaşyr, energetika, senagat we kommunikasiýa mümkinçiliklerini açmak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy hökmünde Türkmenistanyň strategiýasynyň merkezinde ýer alýandygy nygtalyp geçildi.  

Sammitiň dowamynda Guramanyň iş ýüzünde amala aşyrylýan köp sanly taslamasy barada konstruktiw ýagdaýda pikir alşyldy.  Gatnaşyjylar global pandemiýanyň täsiri astynda galan ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler hem-de doly hyzmatdaşlygy dikeltmegiň we ösdürmgiň mümkinçiliklerine garadylar.   

Sammite gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegi öz üstüne almagy bilen gutladylar we YHG-nyň işini işjeňleşdirmek boýunça garaýyşlaryny hoşallyk bilen garşyladylar. YHG-nyň indiki, 15-nji Sammitiniň Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.