EKO-da başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ýurduň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi.

Prezident: “Türkmenistan YHG-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryna eýermegi göz öňünde tutýar” diýip belledi. Şeýle-de ylmy-lukmançylyk ugry, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe we bilim alyşmak boýunça hem hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermegi teklip etdi.

Şonuň ýaly-da, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge ygrarlydygyny nygtady.