Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi

Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk boldy.

Ministrler 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak sapary bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşyna jikme-jik seretdiler.

Şeýle-de Ministrler Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda işjeň söwda-ykdysady hymatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek boýunça degişli işleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.