Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Suleýmanpur resmi sapary bilen Aşgabatda bolýar.

Saparyň çäklerinde Baş sekretar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Şeýle-de doktor Hadi Suleýmanpuruň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylda Türkmenistanyň Guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-niň iş ýüzündäki hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. YHG-niň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen, türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.

Guramanyň ýurtlarynda maýa goýum işini we söwdany ösdürmek, bank-maliýe ulgamynda özgertmeleri geçirmek, harytlaryň we hyzmatlaryň hereket erkinligini höweslendirmek, şeýle-de erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bularyň ählisi sebitleýin ykdysady integrasiýany ösdürmäge gönükdirilendir.  

Taraplar täze söwda, ulag-üstaşyr we energiýa geçelgeleri döretmek, hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň tagallalaryny güýçlendirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň barşynda şeýle-de energiýa durnuklylygyny berkitmek we YHG-niň döwletleriniň möhüm ykdysady pudaklarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak arkaly ekologiýa meselelerini çözmek boýunça YHG-niň işini berkitmegiň zerurdygy nygtaldy.

Raşid Meredow bilen Hadi Suleýmanpur YHG-ä gatnaşyjy ýurtlarynyň arasynda ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini tassykladylar. Pandemiýa garşy göreşmek ugrunda ylmy-barlag işleri alyp barmak boýunça döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigi bellenildi.  

 Türkmenistan özüniň YHG-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde azyk howpsuzlygyny goldamak we oba hojalygy ösdürmek boýunça guramanyň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmegi dowam etdirmegi maksat edinýär. 

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň ýakyn goňşusy bolmak bilen, bu ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini goldamak boýunça özara hereketleri berkitmäge çagyrýar we bu ugurda YHG-niň hereket edýän mehanizmleriniň netijeliligine ynam bildirýär.

Şeýle-de türkmen tarapy YHG-niň çäklerinde hünärmenleriň duşuşyklaryny guramagy dowam etdirer we şu ýylyň 28-nji noýabrynda – YHG-niň döredilen gününde ýurtda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we YHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça Çarçuwaly ylalaşygyna goşulmagy bilen dabaralandyryldy. Degişli resminama Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow gol çekdi.