Türkmenistanyň wekiliýeti «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Dialogyň duşuşygyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Daşkentde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasat hem-de howpsuzlyk meseleleri boýunça «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Ýewropa wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise göni wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen ýörite wekili Teri Hakala hem gatnaşdy.

Geçen ýyllaryň oňyn tejribesini dowam etmek maksady bilen, duşuşyga OYR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýs Nabyň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekiliýeti hem çagyryldy.

Mejlisiň barşynda häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde sebitleýin özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da bu meýdançada öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerine garaldy, «ÝB – Merkezi Aziýa» formatynda dürli derejelerde indi geçirilmeli çäreler we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri global pandemiýa garşy göreşmek nukdaýnazaryndan sebitleýin özarahereketleriň hem-de bu ugurda sebitiň ýurtlarynyň  we hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Bu ugurda türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) pandemiýa garşy dessin çäreleriň görülmeginiň güýçlendirilmegi boýunça sebitleýin maksatnamasynyň (CACCR) çäklerindäki üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn belläp geçdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy saglygy goraýyş we azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň edarasy bilen bilelikde aýratyn dialogyň guralmagyny teklip etdi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy bu ulgam boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň işlenilip düzülmegi maksady bilen, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Lukman-alymlaryň Halkara forumynyň çäklerinde ýokarda görkezilen dialog üçin ýörite meýdançanyň üpjün edilmegine taýýarlygyny mälim etdi.

Şeýle hem, şu ýylyň noýabrynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» Ykdysady forumynyň gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredildi. Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşiniň döredilmeginiň derwaýyslygyny goldaýandygy aýratyn nygtaldy.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän BOMCA we CADAP, ERASMUS+, WECOOP (suw serişdeleriniň dolandyrylmagynda, daşky gurşawyň goragynda we howanyň üýtgemeginiň meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek taslamasy) taslamalarynyň netijeliligi bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da Merkezi Aziýada hukuk goraýjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taslamasynyň (LEICA), Kanunyň hökmürowanlygynyň pugtalandyrylmagy boýunça Maksatnamanyň çäklerindäki, şol sanda Halkara söwda merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän sebitleýin söwdany (ITC) giňeltmek ulgamyndaky taslamalaryň derwaýyslygy nygtaldy.

Serhetleriň dolandyrylmagy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ulgamyndaky özara hereketler, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy we söwdanyň giňeldilmegi üçin şertleriň döredilmegi, däp bolan we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamyndaky özara gatnaşyklar, ekologiýa howpssuzlygynyň we howanyň üýtgemeginiň meseleleri, suw serişdeleriniň dolandyrylmagy, şeýle-de «ýaşyl» ykdysadyýetiň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi, bilim, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, medeniýetara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň çygrynda bu formatdaky bilelikdäki hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Gatnaşyjy-ýurtlaryň owgan meseleleriniň kadalaşdyrylmagyndaky tagallalarynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, W.Hajiýew Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüş ýoluna düşmegi ugrundaky täze şertleri döredýän özara hereketleriň işjeň görnüşleriniň ählisini makullaýandygyny nygtady.