Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi geçirildi

Şu gün, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler.

Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar we syýasy-diplomatik ugur, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi hem nygtaldy.

Taraplar özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny şeýle-de taraplaryň ikisiniň hem ýokary derejede gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.