Türkmenistan we Gyrgyzystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy.

Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde ýene-de bir taryhy tapgyr boldy. Gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň käbiriniň eýýäm durmuşa geçirilip başlanandygyna örän şatdyryn.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine ynanýaryn».    

Mälim bolşy ýaly, strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklary giň ugur boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Iki dostlukly halkyň bähbidine gönükdirilen önjeýli hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady ulgamda, bilim, medeniýet we sport ugurlarynda has-da işjeňleşdirilýär. Iki ýurduň DIM-niň derejesinde geçirilýän yzygiderli gepleşikler syýasy-diplomatik özara hereketleriň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine itergi berýär.

Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürlik-toparlarynyň wekilleri ýurdumyzda öndürilen dürli önümleriň we harytlaryň Gyrgyzystana üpjün edilmegi boýunça şertnamalaryň 20-ä golaýyna gol çekdiler. 

Ýokary döwletara derejesinde gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ulag, ulag infrastrukturasy, energetika, oba hojalygy, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine mümkinçilik berýär.

Şunlukda, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda öndürilen santehnika önümlerinden, ýeňil senagatynyň we nebithimiýa harytlaryndan, konditer önümlerinden, şeýle-de gök-bakja  harytlaryndan ybarat bolan ýükleriň birinji tapgyry Aşgabatdan Bişkege ugradyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça işjeňleşdirilmegi, şol sanda gol çekilen geljegi uly şertnamalaryň durmuşa geçirilip başlanmagy Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we strartegiki häsiýete eýe bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.