Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Saud Arabystanynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we taraplaryň ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we diplomat birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, taraplaryň gyzyklanmasynyň hem-de iki ýurduň doganlyk halklarynyň hoşmeýilli erk-isleginiň türkmen-saud gatnaşyklaryny täze, özara bähbitlere laýyk gelýän derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.