Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylyk ýollary bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň  Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Munuň özi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerini elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilýändigi hem nygtaldy. Serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň häzirki wagtda geosyýasy nukdaýnazardan, çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýän sebitde ýerleşýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, Bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde durnukly syýasy gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegine, ynamly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu meselede ýurdumyzyň garaýşy barada aýdyp, häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmegiň hem-de ynsanperwer meseleleriniň beýleki ugurlary bilen birlikde, ilkinji nobatda, örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny belledi.

Halkara borçnamalaryny, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýylyň 15-nji awgustyndan başlap, häzirki wagta çenli Owganystandan raýatlary alyp gaýdýan uçarlara ýurdumyzyň howa giňişliginden geçmek üçin onlarça ygtyýarnamanyň berlendigini, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna habar berdi.