Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde myhmany Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar. Şu ýerde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.