Özbegistanyň Prezidenti türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi

Şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi.  

Saparyň dowamynda Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda iki ýurduň liderleri hem ikitaraplaýyn, hem köptaraplaýyn formatda üstünlikli amala aşyrylýan syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.