Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň mejlisi

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hem-de Aşgabatdaky BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda 2021-nji ýylda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy gazanylan üstünliklere, Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny hem-de Çeşmeleriň we hyzmatdaşlygyň hereketleriniň strategiýasyny maliýeleşdirmek boýunça meýilnamasynyň gidişine, şeýle hem Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin 2022-nji ýylda Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyna seredildi.