SOŇKY HABARLAR
Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda...
«C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de köptaraplaýyn hyz...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşyldy. Taraplar yzygiderli gepleş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Mihael Harms Gahryman Arkadagymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federa...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklaryna goşmaça itergi bermek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy. Hususan-da, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hy...
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün terti...