RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Maý

Wenada BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi

2022-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda Wenada gibrid gornüşinde BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine 130 ýurduň we 55 hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň açylyşynda EKOSOS-yň başlygy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-Zenanlaryň Ýerine ýetiriji direktory we  BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti ko...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýoka...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...

DOWAMY
pic
13 Maý

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde Jemleýji resminama kabul edildi.

Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birin...

DOWAMY
pic
12 Maý

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň netijeleri jemlendi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabadyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işini tamamlady. Forumyň dowamynda üç ugur boýunça: «Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr», «Daşky gurşawyň...

DOWAMY
pic
12 Maý

Parlamentara gatnaşyklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetli orny barada

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda Parlamentara forumy öz iş...

DOWAMY
pic
12 Maý

Aşgabatda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Forum başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow ýygnanlara gutlag...

DOWAMY