RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar.    Öz çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitiniň, Nýu-Deliniň bu strategiki ähmiýete eýe bolan sebitiň döwletleri bilen barha giňelýän özara hereketleriniň özboluşly şöhlelenmesi boljakdygyny...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagy hakyndaky ylalaşygyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň duşuşygy geçirildi

Şu gün, 27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başly...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy 2022-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň (Şweýsar Konfederasiýasy) Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna hem-de borçnamalaryna bagyşlap brifing geçirdi.    Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, şeýle-de 2022-nji...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti «Hytaý – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...

DOWAMY
pic
24 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.       Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...

DOWAMY
pic
24 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...

DOWAMY
pic
14 Ýan

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...

DOWAMY