RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Owganystana sapary

2021-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Kabul şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan hem, Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Has...

DOWAMY
pic
31 Okt

Kabulda ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 31-nji oktýabrda Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.  Duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Tür...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleri hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine seredip geçdiler

2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-...

DOWAMY
pic
27 Okt

Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ik...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşygy

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu goňşy döwlet bilen bilelikde amala aşyrýan awtomobil ýollary, demirýolla...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Nobatdaky gepleşiklere Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary, şeýle-de Russiýanyň hem-de Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiniň döredilme...

DOWAMY
pic
27 Okt

Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi

2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident...

DOWAMY