RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwada, RF-de Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar. Moskwada geçirilýän nobatdaky foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow ýüzlenme bilen çykyş etdi. Nobatdaky köptaraplaýy...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti: «Dünýä syýasatyna hukuga bolan hormatyň, gepleşikler medeniýetiniň, ynanyşmagyň hem-de döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitliliginiň gaýtaryp getirilmegi derwaýysdyr»

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde eden çykyşynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň pikirimizçe, ýakyn ýyllarda global proseslerde durnukly orunlaryň gazanylmagy maksady bilen, Arkalaşygyň ykdysady özara hereketleriniň ösdürilmegi, umumy senagat, gor, tehnologiki mümkinçilikleriniň ulanylmagy öňe çykýan meseleleriň hatarynda bolar», diýip belläp geçdi.        Şeýle hem Döwlet Baştutany, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbeg...

DOWAMY
pic
16 Okt

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda ähmiýetli, netijeli hem-de takyk kararnamalar bilen çykyş edýär»

BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň, türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty gibrid görnüşinde geçirilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň logiki dowamy bolmak bilen, nobatdaky...

DOWAMY
pic
14 Okt

Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini a...

DOWAMY
pic
14 Okt

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentine ýazan haty gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Döwlet Baştutanyny BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. "2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda gibrid görnüşinde Pekin şäherinde HHR-iň hökümeti “Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş” atly Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyny guraýar. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji...

DOWAMY