RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýun

“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etdi

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy. Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer g...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen b...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary

2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini açmaga goldaw bermegi maksat edinýär

Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki özara hereketleriň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Wekilhanasy işe başlady

2021-nji 10-njy iýunynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Guramanyň ýurt boýunça agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli hem-de daşary ýurtly KHBS-niň žurnalistleri gatnaşdylar. Dabara şeýle-de Ýaponiýanyň...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Owganystanda türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy iýunynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri energetika we ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri ikitaraplaýyn geňeşmeleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Saparyň birinji gününde, ýagny 5-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen we owgan wekiliýetleriniň giňişleýin geňeşmeleri geçirildi. Wekili...

DOWAMY