SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 11-nji martynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdy...
Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dipl...
Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň başarjaň türgenine baýraklary gowşurdy
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...
YHG-na başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistan ykdysady ugurlaryň döredilmegi ugrundaky hereketleri işjeňleşdirmäge meýillidir
2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-niň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de onuň geljekde has hem ösdürilmegi babatyndaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Ol geljekde şu guramanyň ýurtlarynyň a...
Türkmenistanyň Prezidenti: YHG-da başlyklyk etmegi jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýäris hem-de onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary ederis
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulag...