SOŇKY HABARLAR
Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ýag...
Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlertiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň türk dilindäki tanyşdyrylyş dabarasy
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we M.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler Taraplar sebitde durnuk...
Türkmenistanyň Prezidenti: GDA ýurtlarynyň çäkleri yklym derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň magistral ýollaryna öwrülip biler
Şu gün, 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine baha berip, onuň ösdürilmegi ugrunda birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi. Prezident 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyna esa...
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy
2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji T.Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasyny...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji bölüminde söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili...