SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda
2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...
DIM-de pandemiýanyň ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirleriniň gowşadylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
KHBS üçin habar
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan yla...
Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat...
Türkmenistanyň DIM-de Özbegistanyň Wise-premýeri bilen duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara g...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýi...
GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...