SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Sankt-Peterburg şäherine sapary
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...
Halkara zähmet guramasy bilen özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy...
Türkmenistanyň Ilçisi GFR-nyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan ylmy-praktiki maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň d...
Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
Türkmenistanyň wekiliýeti daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş toparynyň mejlisine gatnaşdy
2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...
Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatorynyň Aşgabada sapary
2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasýasynyň wekilçilikli wekiliýeti Aşgabada geldi. 13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bile...