RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Dek

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory hanym Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň başynda, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, taraplar ikitara...

DOWAMY
pic
3 Dek

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.    Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekil...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowş...

DOWAMY
pic
30 Noý

EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy

2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi.  Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.  Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
30 Noý

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýeti Taýland Patyşalygyna iş sapary

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) çagyrmasy boýunça 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde iş saparynda  boldy. 27-nji noýabrda Pekin Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň...

DOWAMY
pic
29 Noý

Daşkentdäki duşuşykda Merkezi Aziýa integrasiýasynyň ugurlary kesgitlenilýär

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen geldi

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi. Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Pre...

DOWAMY