SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa iş sapary
2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasyn...
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublik...
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Daşary işler ministri R.Meredow, gazak tarapyndan - Daşary işler ministri M.Tleuberdi, özbek tarapyndan - Daşary işler ministri A.Kamilow tarapyndan gol çekildi....
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-gyrgyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, Ý...
Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy: özarahereketleriň täze mümkinçiliklerine seredildi
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatna...