RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Iýun

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa sapary

2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.  Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sa...

DOWAMY
pic
17 Iýun

Türkmenistanyň DIM-de HGHK-ň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada...

DOWAMY
pic
16 Iýun

Türkmenistanyň Hemişelik Wekili ÝUNESKO-da işe başlady

2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...

DOWAMY
pic
15 Iýun

Baku şäherinde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy barada tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklarý seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady  we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bi...

DOWAMY
pic
14 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirdi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...

DOWAMY
pic
14 Iýun

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ý...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Türkmenistanyň DIM-de Litwa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzm...

DOWAMY