SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň Başlygy, “ITOCHU Corporation” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-BELARUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýalar ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.B.Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Belarusyň wekiliýetine Türkmenistana iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, toparyň belarus böleginiň başlygy I.W. Lýaşenko ýolbaşçylyk etdi. Toparyň işine iki ýur...
TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA DÜRLI UGURLARDA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin wekiliýetine türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ulag-tehnologiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki dostlukl...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler. ...
WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY
Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...